Dükanyňyz elmydama eliňiziň astynda.

Sargytlary tassyklaň, bahany täzeläň, satuwlary telefondan yzarlaň.

dukan.biz-de dükanyňyz ýokmy? Mugt açyň
Ýagdaý boýunça saýlama bellikli sargyt sanawy
Şu günki girdeji we soňky sargytlar görkezilen Dükan Manager baş sahypasy
Suratlary, bahalary we ýagdaý bellikleri görkezilen haryt sanawy
Yza süýşürip bolmaýan işler üçin

Kompýuteriň başynda oturman,
işi ýörediň.

01Sargytlar

Sargydy kabul ediň, eltip beriň, tamamlaň

Harytlar, töleg, salgy we müşderiniň belligi bir ýerde. Sargydy tassyklaň, gerek bolsa müşderä jaň ediň, soňra eltip beriş tapgyrlaryndan geçiriň.

Harytlar, eltip beriş salgysy, müşderiniň belgisi we ýagdaý düwmeleri görkezilen sargyt sahypasy
02Harytlar

Baha bilen galyndyny telefondan täzeläň

Harydy tapyň, arzanladyşy saýlaň, görnüşleriniň bahasyny ýa-da galyndysyny üýtgediň. Sanawdan çykman ýazdyryň.

Harydyň ýagdaýyny, arzanladyşyny, bahasyny we galyndysyny çalt üýtgetmek ekrany
03Şu günki netijeler

Gün gutarmanka netijäni görüň

Saýlan döwür üçin girdejini, sargytlaryň sanyny, ortaça sargydy, täze müşderileri we köp satylan harytlary görüň.

Girdeji, sargytlar, ortaça sargyt we köp satylan harytlar görkezilen satuw netijesi
Gündelik amatlyklar

Gündelik işler has ýeňil.

Günde onlarça gezek edilýän işlerde ownuk amatlyklar wagt tygşytlaýar.

Sargyt habary

Müşderi jaň etmänkä habaryňyz bolsun

Täze sargyt gelen badyna telefonyňyza habar düşýär. Habarnamany açsaňyz, göni şol sargyda geçýärsiňiz.

Müşderiniň maglumatlary

Müşderi bilen habarlaşmak aňsat

Müşderiniň ady, belgisi, salgysy we belligi sargydyň içinde dur. Belgini göçürmän, şol ýerden jaň ediň.

Dükanlaryň arasynda geçmek

Ähli dükanyňyz bir programmada

Hasapdan çykman dükanlaryň arasynda geçiň. Her dükanyň öz tarifi we giriş rugsatlary saklanýar.

Wezipesine görä giriş

Her işgär öz işine degişli zady görýär

Dükan eýesi-de, menejer-de, işgär-de diňe öz işine degişli bölümleri we hereketleri görýär.

Işe başlamak

Şol bir hasap bilen dessine başlaň.

Manager-e dukan.biz-däki dükanyňyzyň hasaby bilen girýärsiňiz.

01

Programmany ýükläp, hasabyňyza giriň

dukan.biz-däki dükanyňyza degişli e-poçta bilen giriň. Bir gezeklik kody ýa-da Google-y ulanyň — täze parol gerek däl.

02

Işlejek dükanyňyzy saýlaň

Häzir işlejek dükanyňyzy saýlaň. Birnäçe dükanyňyz bar bolsa, soň Sazlamalardan aňsat çalşyp bilersiňiz.

03

Habarnamalara rugsat beriň

Habarnamalara bir gezek rugsat beriň. Şonda täze sargyt gözden sypmaz.

Başlamazdan öň

Bilmeli zatlaryňyz.

Başga soragyňyz barmy? Ýazyň: [email protected] — biz kömek ederis.

Dükan Manager programmasy mugtmy?

Hawa. dukan.biz-de dükanyňyz bar bolsa, Manager-i mugt ulanyp bilersiňiz. Dükanyňyza girýän hasabyňyz bilen giriberiň.

Programmadan haryt goşup ýa-da üýtgedip bolýarmy?

Bar bolan harydyň bahasyny, galyndysyny, arzanladyşyny we müşderilere görünýändigini programmadan üýtgedip bilersiňiz. Täze haryt goşmak ýa-da dükanyň maglumatlaryny täzelemek esasy Dükan panelinde edilýär.

Programma haýsy dillerde işleýär?

Türkmen, rus we iňlis dillerinde. Programma telefonyňyzyň dilini saýlaýar, isleseňiz ony Sazlamalarda üýtgedip bilersiňiz.

iPhone-da we Android-da işleýärmi?

Hawa. Dükan Manager iPhone-da hem, Android-da hem işleýär.

Nirede bolsaňyz-da, dükanyň işi saklanmasyn.

Dükan Manager-i Android telefonyňyza häzir ýükläň. iPhone üçin görnüşi hem tiz wagtda çykar.